HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ TÄZE KITABY BILEN TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, alymlar, diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň açylyşynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş edip, kitabyň baý mazmuny, onuň türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny wagyz etmekdäki wajyp ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini açyp görkezýändigini, milli däpleriň özboluşlylygyny beýan edýändigini, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde aýratyn gymmatlydygyny belledi.

BAE-niň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi bu eseriň ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara düşünişmäni ýokarlandyrmak jähtinden wajyplygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň Başlygy B. Annagurbanow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýa. Nuryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B. Orazdurdyýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B. Ataýew we beýlekiler çykyş etdiler.