TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULY KASPI DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew general-admiral F. M. Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna baryp gördi, ol bu ýerde institutyň direktory Olga Kartaşowa bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň, şol sanda Türkmenistan üçin bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garadylar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Olga Kartaşowa türkmen halkyna gutlaglaryny ýollady hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen onlaýn-duşuşyk geçirmegi teklip edip, şu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmäge taýýardygyny beýan etdi.

Konsul G. Garaýew suw ulaglary ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan institutda okuwlaryň guralşynyň aýratynlygy we bilim toplumynyň maddy üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Şeýle hem konsul Türkmenistanyň raýatlaryndan bu okuw jaýynda bilim alýan ýaşlar bilen söhbetdeş boldy. Güýç Garaýew olaryň okuwda gazanýan üstünlikleri, durmuş hem-de dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy we olara bilimleri özleşdirmekde hem-de kärine ussatlyga ýetmekde üstünlikler arzuw etdi.