MINSK ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEO ARAGATNAŞYGY ARKALY MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus Respublikasynyň Witebsk oblastynyň P.M.Maşerow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň arasynda bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat çäresi geçirildi.

Bu maslahata agzalan uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor mugallymlar düzümi, daşary ýurtly we türkmen talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Ilçihanasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Bu maslahat çäresini, agzalan uniwersitetiň rektory W.Bogatyrýowa açdy. Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi, uniwersitetiň daşary ýurt raýatlarynyň okuwlary boýunça fakultetiniň dekany hem-de agzalan ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen talyplary çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly deslapdan görülýän taýýarlyklar, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygnyň ykrar edilen gününden häzirki günlere çenli ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada beýan edildi.

Soňra, türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen türkmeniň milli aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi.