“HAZAR DEŇIZINDE GOŇŞUÇYLYK HYZMATDAŞLYGY BERKITMEKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ OŇYN ORNY” ATLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň çarçuwasynda Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly tegelek stol görnüşinde halkara wideokonferensiýa geçirildi.
Tegelek stolyň maksady - Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen Astrahan oblastynyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda bilim ugrunda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligi hem-de geljekki ýaş bilermenlere Halkara ulag geçelgelerinde Türkmenistanyň bitaraplygynyň oňaýly täsirlerini öwretmekligiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak.
Çäräniň dowamynda General-admiral F.M. Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglary Hazar intitutynyň direktory O.Kartaşowa, Astrahan Döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory A.Newalýonnyý dagylar çykyş etdiler we Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny we Türkmenistanda 2019-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy barada gürrüň etdiler.
Wideomaslahatda taraplar öz aralarynda tejribe alyşmak maksady bilen ýetip gelýän ýaş bilermenleriň bilim derejesini innawasion tehnologiýalar arkaly täze ýüze çykan mümkinçilikleri ulanmak arkaly ösdürmekligiň usullaryny ara alyp maslahatlaşylar.
Şol bir wagtda Astrahan oblastnyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary we professor mugallymlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyl ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine we türkmen halkyna uly üstünlikleri arzuw etdiler.