TÜRKMENISTANYŇ WE RF-IŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ UGURDAŞ HÜNÄRMENLERI BILIM ULGAMYNDAKY GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn görnüşde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem oňyn Bitaraplyk we «açyk gapylar» syýasatynyň köpugurly hyzmatdaşlyk hem-de durnukly ösüş üçin meýdança hökmünde ähmiýetini beýan etdiler.

Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriniň 4-siniň: Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň (Türkmenistan), şeýle hem general-admiral F. M. Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynyň hem-de Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň (Russiýa) rektorlarydyr professor-mugallymlary düzümi gatnaşdylar.

General-admiral F. M. Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynyň rektory Olga Kartaşowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara meseleleriniň wajyp wezipelerini çözmegiň, ählumumy we sebit derejelerinde, şol sanda Hazar sebitinde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostlukly, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde özüni görkezendigini belledi.

Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işi bilen tanşan Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalennyý halkara ulag-üstaşyr we logistika merkezi hökmünde ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Aleksandr Newalennyý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, şeýle hem köpugurly türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmäge goşýan uly goşandyny nygtady.

Ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak jähtinden wideoduşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion ugruny, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmagy göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyny beýan etdiler.