DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

photo

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji diňleýjileri boldular.

Özüne 10 dersi birleşdirýän täze okuw tapgyry diňleýjilere sanly ulgamy ösdürmek şertlerinde döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam eder.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Şol Konsepsiýa bolsa IT — tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwlet gullugy akademiýasyny ösdürmegiň strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Soňky ýyllarda bu akademiýa daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.