DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky federal gullugy bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri babatda üç günlük geňeş maslahaty boldy.
Ykdysady durnuklylygy berkitmek, şol sanda ählumumy derejede halkara howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň maslahatynda kabul edilen strategik ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Jarnamanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna garşy aýgytly göreşip, bu wehimiň garşysyna göreşmek hem-de ony aradan aýyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny birnäçe gezek belledi.
Geňeş maslahatyna gatnaşyjylar soňky ýyllarda bu ugur boýunça toplanan baý tejribä we halkara giňişliklerinde täze hil we mazmun bilen üsti ýetirilen hyzmatdaşlyga esaslanýan bilelikdäki gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.