BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMEN DIPLOMATIK WEKILHANASY PEKINDE BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESINI GURADY

Pekiniň «Parahatçylyk bagy» muzeýinde (Peace Garden Museum) Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň hem-de Pekiniň Halkara medeniýet we parahatçylyk halkara gaznasy bilen bilelikde « Halkara welosiped güni Beýik Ýüpek ýolunda: Parahatçylyk, ynanyşmak we raýdaşlyk» temasyndan dabaraly çäre geçirdiler.
Duşuşyga Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň prezidenti Li Ruohong, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Horwatiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli jemgyýetçilik, ýaşlar we çagalar guramalarynyň wekilleri, professional we höwesjeň welosipedçiler, Eason Kids Club çagalar welosiped şou-toparynyň we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çäre Hytaýyň KHBS-de we meşhur internet-neşirlerinde beýan edildi.
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen çäräniň çäklerinde welosiped bäsleşigi geçirildi. Sport çäresi başlanmazdan ozal Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň prezidenti Li Ruohong, Griziýanyň ilçisi Arçil Kalandiýa we Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew oňa gatnaşayjylara ýüzlendiler.
Hytaý tarapy şeýle ähmiýetli çäräni geçirmek başlangyjy, şeýle hem Parahatçylyk gaznasynyň meýdançasynda medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan işi üçin Türkmenistanyň Ilçihanasyna hoşallyk bildirdi.
Çykyşlarda halkara derejesinde dünýäde parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmak, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we sagdyn durmuş ýörelgesini, sport diplomatiýasyny ösdürmek jähtinden Türkmenistanyň durmuşa geçirýän jebisleşdiriji işleri aýratyn bellenildi, muňa türkmen Lideriniň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi döretmegi hem şaýatlyk edýär.
Welosiped bäsleşigi tamamlanandan soň sport çäresine gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra türkmen toý tagamlary hödür edildi.