GAPLAŇGYR GORAGHANASYNDA GEÇIRILEN GIJEKI SURAT DÜŞÜRMEK IŞLERI GYZYL KITABA GIRIZILEN HAÝWANLAR BARADA MAGLUMATLARYŇ ÜSTÜNI ÝETIRDI

photo

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň baý haýwanat dünýäsi indi gijelerine hem işjeň öwrenilýar. Muňa Türkmenistanyň agroekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň Daşky gurşawy goramak gullugynyň ýerli hünärmenleriniň beren surata alýan enjamlary ýardam edýär.

Hereket gurally hem-de gerek pursady işläp başlaýan wideo we fotosuratlary almaga mümkinçilik berýän enjam ýokary hilli suratlary çykarýar. Olaryň gabynyň germetikligi enjamlary çygdan hem tozandan goraýar, bu bolsa ýöriteleşdirilen tehnikanyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.

Enjamlar goraghananyň alysdaky uçastoklarynda ýerleşdirildi. Ilkinji suratlar hünärmenleri begendirdi. Enjamyň obýektiwine pişikler maşgalasyndan ýyrtyjy süýdemdirijilerden Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak düşdi, Üstýurt düzlügi ýurdumyzda olaryň ýaşaýan ýerleriniň biridir. Garagulak, adatça, ösümliksiz ýerlere çykmaýar, ol çölüň gandym, çerkez, sazak jeňňelliklerinde ýa-da barmasy kyn ýerlerde ýaşaýar. Ol towşanlary, gemrijileri, guşlary awlaýar, ýöne ýüwrükligi, hereketleriniň çakganlygy, uzaga bökmäge ukyby bilen jeren owlaklaryny hem tutup bilýär.

Gizlin ýaşamagy halaýan ýene bir jandar, döwlet tarapyndan goralýan gum pişigi-de surata düşüpdir. Türkmenistanyň demirgazygynda bu owadan haýwan esasan gemrijiler, süýrenjiler, guşlar ýaly jandarlar bilen iýmitlenýär, ol köplenç awyny bukulyp tutýanlardandyr.

Gaplaňgyr goraghanasynyň işgärleri ençeme ýyl bäri goralýan ýerdäki jandarlaryň görnüşlerine, olaryň göçüşine gözegçilik edýärler, goraghana işlerini işläp taýýarlaýarlar, gerek halatynda olara düzedişler girizýärler. Döwrebap enjamlar ulanylyp geçirilen gözegçilik toplumlaýyn çäreleriň netijelidigine şaýatlyk edýär.