GAZAGYSTANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEOŞEKILLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gazagystanyň M.Auezow adyndaky döwlet uniwersiteti bilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda we tutuş dünýäde giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli wideoşekilli maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri hem-de M.Auezow adyndaky döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş akademiýasynyň Şymkent şäher bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Ilçihananyň wekili çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlary, BMG Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda geçirilýän çäreler hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Gazagystanyň döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýeti we onuň diňe bir Merkezi Aziýada däl-de eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn orna eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler.