BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TELEKÖPRI ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli teleköpri arkaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň rektory W.Welikanow, prorektory M.Potapenko, professor-mugallymlary hem-de akademiýada bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakdaky orny hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde edýän tagallalary barada bellenilip geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykrar edilen gününden häzirki günlere çenli ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy gymmatlyklara edýän saldamly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň teklibi esasynda dörän birnäçe halkara başlangyçlaryny bellap geçdiler.