KIRIŞLI SAZ GURALLARY ORKESTRINIŇ ZEHINLI SAZANDALARY: GÜÝÇLI USSATLAR WE IDEÝALAR

photo

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy.

Tahyr Ataýewiň topary üçin maý aýynyň ahyry şanly waka bilen baglanşykly. Iki ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylda hut şu sahnada orkestri döredilen güni bilen gutlapdylar. Gysga wagtyň içinde orkestr tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp ýetişdi.

Tahyr Ataýew üstünligiň gözbaşyny üç ýagdaý – türkmen tomaşaçylarynyň nusgawy sazlara höwesiniň artmagy, maksatnamalary düzmäge konseptual çemeleşilmegi we toparyň sazandalarynyň ýokary ussatlygy bilen düşündirýär.

Galyberse-de, men toparda ýaş, zehini daş ýarýan, özüňi sazda täzeçe beýan etmek mümkinçiligine ruhlanan kreatiw sazandalaryň jemlenendigini aýtmakçy.

Tahyr Ataýew maksatnamany talyp sazandalaryň öz döredijilik özboluşlylygyny açyp görkezmegine mümkinçilik dörär ýaly edip düzüpdir. Skripkaçylar Ogulsona Ýazowa bilen Altyn Nurmyradowa Pablo de Saraseteniň «Nawarra» eserini çaldylar. Saza mahsus kontrast intonasiýaly eseriň romantiki äheňde ajaýyp ýerine ýetirilmegine diňleýjiler şowhunly el çarpmalar bilen jogap berdiler.

-Biz bu sazy juda gowy görýäris, şonuň üçinem ony çeper äheňde bermäge çalyşdyk – diýip söhbetdeşligimizde gyzlar gürrüň berdiler.

Kontrabasçy Guwanç Saryýew Reýngold Glieriň «Tarantellasyny» ussatlarça çalmagyň hötdesinden geldi. Ol tomaşaçylary şeýle bir tolgundyrdy welin, olar oňa «Aperin!» diýşip baha berdiler.

-Kontrabas ýaly guralda ýekelikde saz çalynmagy gaty seýrek duşýan ýagdaý, ýöne Glieriň ajaýyp eseri we ussat kontrabsçy Guwanjyň sazy nepis ýerine ýetirmegi üstünlik getirdi – diýip Tahyr aýtdy.

Konsertde şeýle hem Edwar Grigiň, Klod Debýussiniň, Anton Arenskiniň, Žýul Massneniň we Gara Garaýewiň eserleri ýaňlanyp, saz muşdaklaryna jadyly hem şahyrana şahyrana sazlary peşgeş berdi.