TÜRKMENISTANA SÖÝGI BILEN: AŞGABATDA KONSTANTIN BATAŞOWYŇ, IGOR PINHASOWYŇ WE MERDAN BÄŞIMOWYŇ ESERLERI ÇALYNDY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi zalynda kamera sazlarynyň agşamy şowly geçdi, konsertde Konstantin Bataşowyň «Türkmen sýuitasy», Igor Pinhasowyň «Dramatika» hem-de Merdan Bäşimowyň «Sediý Marisýa» we «Howsala» eserleri ýaňlandy.
Türkmenistana bagyşlanan eserleri TMK-nyň talyplary we mugallymlary ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar olaryň her çykyşyny gyzgyn garşyladylar.
Bu konserti geçirmek ideýasynyň awtory we onda saz çalanlaryň biri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow söhbetdeşlikde maksatnamanyň dörededijilik konsepsiýasy hem-de bu kompozitorlaryň üçüsiuni birleşdirýän zat barada gürrüň şeýle berdi:
-Olary, elbetde, biziň güneşli özboluşly ülkämiz we olaryň döredjiligine güýçli täsir eden türkmen medeniýeti birleşdirýär, ol kimdir birine nämedir bir zat täsir eden bolsa, başga biri üçin döredijiliginiň milli özeni.
Mysal üçin, «Türkmen sýuitasynyň» döremegine geçen asyryň 80-nji ýyllarynda iň gowy türkmen sazy üçin yglan edilen bäsleşik sebäp boldy. Konstantin Bataşow russiýaly tanymal etnosaz öwreniji we kompozitor Wiktor Uspenskiniň «Türkmen sazy: makalalar we türkmen sazlaryndan 115 pýesa» işini öwrenende özboluşly melos bilen gyzyklanýar. Bäsleşik geçirilýändigini bilenden soň bolsa oňa gatnaşmagy niýet edinýär hem-de öz döreden eseriniň özenine türkmen halk äheňlerini goşýar.
Konstantin Bataşowyň Fleýta, skripka, wiolençel we fortepiano üçin sýuitasyny türkmenistanlylar gowy gördüler we ol belli kamera eserleriniň birine öwrüldi. P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň mugallymy, kompozitor Konstantin Bataşow şeýle hem Magtymgulynyň goşgylaryna aýdymlary döretdi.
Igor Pinhasow bilen Merdan Bäşimowyň ikisiniňem asly Türkmensitandan. Igor biraz wagtlap konserwatoriýamyzda sapagam berdi. Häzir ol Daşkentde ýaşaýar we işleýär, «Özbekfilm» kinostudiýasynda döredilen filmleriň birnäçesine saz ýazdy. Onuň «Dramatika» (surata düşürilmedik filme saz) fortepiano kwinteti üçin pýesasynda hem kinematografiýa sazlaryna mahsus dartgynlyk, obrazlylyk we takyk melodiki frazalar has güýçli beýan edilen.
Merdan Bäşimow Aşgabadyň Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlap, bilimini Kazanda dowam etdi. «Nurana» topary bilen işleşdi. Häzirki wagtda Sarakskide ýaşaýar we işleýär. Merdanyň döreden eserlerine professionallar we saz muşdaklary gowy baha berýärler. Ol kompozitorlaryň Russiýada we halkara derejesinde geçirilen bäsleşikleriniň laureaty.
«Kompozitorlaryň hersi Aşgabatda konsert geçirilýändiginden habarlydy, şonuň üçinem olarda çykyşlaryň ählisi bilen wideo we ses ýazgysy arkaly tanyşmaga mümkinçilik bolar. Men sazlary ýokary derejede çalandyklary we artistlik ussatlygy üçin ýaş kärdeşlerime minnetdarlyk bildirýärin. Eserleriň awtorlary-da meniň bilen ylalaşarlar diýip ynam edýärin» - diýip Wladimir Mkrtumow sözüniň ahyrynda belledi.