img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

photo

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Goňşy ýurtdan bolan hyzmatdaşlar telekeçilik işine döwlet goldawy hem-de bu ulgamy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, işleri üstünlikli geçirmek üçin şertleriň döredilmegine, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen bagly meselelerden başga-da, telekeçiligi we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.