DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahaty demir ýol we awtoulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň serhetlerden geçişiniň amallaryny ýeňilleşdirmek baradaky meselelere bagyşlandy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan okuw maslahatyna gatnaşyjylar bu ulgamda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny aýdyp, ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün etmek, serhetýaka amallary hem-de degişli gulluklaryň işlerini has oňaýly ýagdaýlara getirmek, ýükleriň ulaglar arkaly serhetüsti daşalmagyny guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda hem-de beýlekilerde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Şu babatda ulag ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, söwda, gümrük amallary boýunça utgaşykly işleriň hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy, munuň bolsa ykdysady we durnukly ösüşi gazanmaga hyzmat etjekdigi bellenildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek arkaly netijeli söwda geçelgelerini hem-de Ýewraziýa ulag gatnawlaryny ösdürmek babatda demir ýol we awtomobil ulaglarynyň ägirt uly kuwwatyny ulanmak meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ýörelgesini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamynda milli kanunçylygy halkara şertnamalarynyň şertlerine hem-de BMG-niň Konwensiýalaryna kybap getirmek meselelerine örän uly üns berýändigi bellenildi.