TÜRKMENISTANYŇ SERGISI -- PEKINIŇ PARAHATÇYLYK BAGY MUZEÝINDE

Maý aýynyň 13-den 26-sy aralygynda Parahatçylyk muzeýinde (Peace Garden Museum) Halkara muzeýler gününe bagyşlanan we Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň Pekiniň halkara medeniýet we parahatçylyk halkara gaznasy, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk assosiasiýasy hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sergisi görkezildi.

Pekin şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky komiteti hem-de Ýaşlaryň işi boýunça komiteti, halkara ynsanperwer ulgamynda işleýän hökümete degişli bolmadyk beýleki guramalar çäräniň hemaýatkärleri boldular.

Türkmenistanyň ilçisiniň sergä gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi «Muzeýler deňlik üçin: köpdürlülik we gatnaşyklar» (Museums for Equality: Diversity and Inclusion) tanyşdyrylyş onlaýn-ýygyndysyna girdi.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Parahat Durdyýew ýurdumyzyň muzeýleriniň köpugurly işini jikme-jik beýan etdi, olar işjeň barlag we düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Halkara onlaýn-okyjylar döwletimiziň syýahatçylyk-dynç alyş mümkinçiligi bilen tanyşdyryldy, ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilen özboluşly arheologik ýadygärlikler, şeýle hem olara türkmen topragynyň tebiýgy dürleri barada gürrüň berildi.

Ilçi çykyşynyň ahyrynda onlaýn-okyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy temasyna çekip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda beýanyny tapan hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, özara peýdaly we deňhukukly hyzmatdaşlyk meselelerinde döwletiň eýeleýän işjeň ornuny şertlendirýän bitaraplyk-hukuk derejesiniň esasy ugurlary we ýörelgeleri bilen gysgaça tanyşdyrdy.

Şu ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary türkmen diwarçasynyň ideýa ýörelgesi bolup, bannerde ýylyň milli nyşany ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň taryhyna we häzirki ýeten derejesine, türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan işleri sergi bölüminde hormatly orun tutdy.

Şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, dokma, neşirýat önümleri görkezildi. Tagamlar bölümi türkmenleriň datly tagamlary bilen tanyşdyrdy.

Halkara muzeýler gününe bagyşlanan onlaýn çäräniň açylyş dabarasynda Hytaýyň parahatçylyk gaznasynyň başlygy jenap Li Ruohong Parahatçylyk bagynyň meýdançasynyň, şeýle hem Gaznanyň alyp barýan işiniň koronawirus pandemiýasy döwri halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Türkmenistanyň diwarçasy barada pikirini aýdyp, Li Ruohong el halylarynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, dokma senagatynyň önümleriniň hiliniň ýokarydygyny we eksport mümkinçiligini belledi. Jenap Li Ruohong hytaý medeniýetinde hem gözelligiň etalonyna öwrülen ahal-teke bedewleriniň owadanlygyna we nepisligine haýran galýandygyny aýtdy.

Ol ýurdumyzyň dürli pudaklardaky uly üstünlikleri, ägirt uly serişde we ylmy-tehniki mümkinçiligi barada giňişleýin düşünje berýän wideo we fotosurat maglumatlary üçin Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Hytaý tarapynyň haýyşy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri Parahatçylyk bagynyň muzeýiniň kitaphanasyna berildi.