PIANINOÇY KADYR DOLYÝEW: ZEHINLI HALYPANYŇ ZEHINLI ŞÄGIRDI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda konserwatoriýanyň uçurymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň şägirdi Kadyr Dolyýewiň özbaşdak konserti şowly geçdi.

Bu hasabat konserti heniz taýýarlanyp ýörkä oňa gatnaşýan ýyldyzlar: altyn bariton sesli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň, tanymal skripkaçy, Kadyryň agasy Bahram Dolyýewiň, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň, galyberse-de, ussat sazanda, halypa, fortepiano sungatynyň ägirdi Wladimir Mkrtumowyň gatnaşýandygy üçinem üýtgeşik waka boljakdygyndan habar berýärdi.

Konsert Wolfgang Amadeý Mosartyň Fortepiano we orkestr üçin 23-nji konserti bilen açyldy. Kadyr Dolyýew roýalda saz çaldy, Tahyr Ataýew bolsa orkestre dirižýorlyk etdi. Awstirýaly geniniň ýeňil saz frazalary tomaşaçylary sazy içgin duýmaga çagyrýardy.

Frederik Şopeniň «Andante spianato we Uly ajaýyp polonez» diýip üýtgeşik şahyrana at beren eserini halypa bilen şägirt bilelikde çalyp, şowhunly el çarpmalara mynasyp boldular.

Kadyr we Bahram Dolyýewler Žýul Massneniň «Tais» operasyndan «Oýlanma» sazyny çaldylar. Skripkanyň we fortepianonyň nepis, owazlaryna baý eser diňleýjileri şahyrana hyýalara atardy.

Kadyr ýekelikde Ferens Listiň «Ispan rapsodiýasyny» ýerine ýetirdi, bu saza intonasion tilsimleriň çalşygy hem-de ugrunyň we depgininiň duýdansyz üýtgemegi mahsusdyr. Pianinoçy wenger kompozitorynyň eseriniň baý duýgylaryny zehinli bermegiň hötdesinden geldi. Tomaşaçylaryň arasynda oturan Wladimir Mkrtumowyň barmaklary, hamala, özi saz çalýan ýaly hereketdedi.

Atageldi Garýagdyýew Nury Halmämmedowyň we Daňatar Hydyrowyň sazlaryna aýdymlary ýürek töründen çykýan owaz bilen aýtdy. Wokal ägirdine Kadyr Dolyýew sazandarlyk etdi.

Diňleýjileriň şowhunly el çarpmalary kesilen soň sazandalar ýaş pianinoçyny goldamaga gelen kärdeşleri we hossarlary bilen gürleşýärdiler. Olar ýaş sazanda üstünlikler arzuw edýärdiler, ony gutlaýardylar, bile surata düşýärdiler, gül desselerini sowgat berýärdiler... Şonda-da halypasy Wladimir Mkrtumowyň onuň sazandalyk ukybyny ykrar etmegi Kadyr üçin iň uly bahady. Ýaş pianinoçy özüniň ilkinji uly üstünligini mugallymyna bagyşlady.