ÝURDUŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ ÝÜPEKÇILERI PILE TAÝÝARLAMAK IŞINI TAMAMLADYLAR

photo

Lebap welaýatynda tut gurçugyndan pile almak işi tamamlandy. Pile arassalanandan we sortlanandan soň gaýtadan işlemek üçin Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşgine iberiler.

Ýüpek çig malyny gaýtadan işlemek möwsüminiň öň ýanynda bu senagat desgasynda göz öňünde tutulan abatlaýyş-sazlaýyş işleri geçirilip gutardy. Ýüpek kelepleýji döwrebap enjamlaryň dördüsini oturtmak we sazlamak işleri tamamlanyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ýüpegi ajaýyp hili we alyjylar tarapyndan ýokary islegliligi bilen tapawutlanýar. Ýüpek ýüplügine we pile gaýtadan işlenenden soňky galyndyalara-da daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýär.