«AGZYBIRLIK TILSIMATY» BK-NYŇ TÄZE ÖNÜMLERINDE TÄZELIKLER ULANYLÝAR

Türkmenistanda kompýuterleri we elektron tehnikalaryny öndürýän «Agzybirlik tilsimaty» HK täze okuw ýylyna birinji synp okuwçylar üçin 160 müň sany şahsy kompýuter çykarar. Bilim berýän kompýuterleriň dizaýnyny hem-de konfigurasiýasyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri bilelikdäki kärhanany dörediji kompaniýalaryň goldamagynda hytaýly hünärmenler bilen bilelikde işläp taýýarladylar.
Geçen ýyl kärhanada Türkmenistanyň mekdepleri üçin bilim berýän kompýuterleriň 80 müňden gowragy çykaryldy. Hytaýly hünämenler bilen hyzmatdaşlykda kompýuteriň kämilleşdirilen nusgasy işlenilip taýýarlanyldy, onda enelik platasynyň üýtgeşik enjamy ulanyldy, prosessorynyň kuwwatlylygy we operatiw ýadynyň göwrümi birnäçe esse ýokarlandyryldy. Onuň ekrany 10.1 dýuýmdyr. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň direktory Azat Çörekliýewiň belleýşi ýaly, şahsy kompýuteriň dizaýny we parametrleri işlenilip taýýarlanylanda hünärmenelriň maslahatlary göz öňünde tutuldy.
BK-nyň direktorynyň aýtmagyna görä, onuň täze nusgasy ulanyşda amatly, köpdilli interfeýs bilen üpjün edilen we mekdep okuwçysyna, hat-da uzak aralykdanam, islendik öwrediji programma bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Goşundylaryň ählisi başlangyç synp okuwçylaryna niýetlenendir. Bu programmalar Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.
Okuw programmalaryndan başga-da, operasion ulgam dürli aň ösdüriji goşundylary oturtmaga-da mümkinçilik berýär. Häzirki wagta çenli elektron senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynda hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde noutbuklaryň, planşetleriň, monobloklaryň, özbaşdak kompýuterleriň, söwdany awtomatlaşdyrmak üçin enjamlaryň we hat-da serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programmalar toplumynyň synag nusgalaryny çykarmak boýunça iş alnyp barylýar.
Mundan başga-da, kärhanada Intel prosessorlarynyň binýadynda özbaşdak kompýuterler ýygnalýar. Şu ýyl edarada işlemek, oýunlar, şeýle hem grafika we dizaýn üçin niýetlenen kompýuterleriň 4 müňden gowragy çykarylar. Bilelikdäki kärhanada öndürildi nyşany bilen önümleriň ilkinji tapgyry şu ýylyň aprel aýynda ýygnaldy.
«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy şeýle hem programmalaýyn üpjünçiligi işläp taýýarlamak boýunça transmilli iri Microsoft kompaniýasy hem-de elektron enjamlary we kompýuter komponentlerini esasy öndüriji Intel kompaniýasy bilen jebis hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Munuň özi Türkmenistanda öndürildi söwda belgili önümleriň eksport geljegine oňyn şert döredýär, çünki «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy häzirki wagta çenli Merkezi Aziýa sebitinde şu kysmy ýeke-täk karhanadyr. Önümleriň bahasynyň we hiliniň amatlylygy hem bazarlara üstünlik girmäge ýardam eder.
Ösen talaplary göz öňünde tutup, kärhanada önümçilik kuwwatlyklary giňeldildýär. Ýygnama sehinden başga-da, özbaşdak kompýuterleri we noutbuklary dünýä ölçeglerine laýyklykda barlagdan geçirmek üçin enjamlar oturdylýar. Bu işe Sinhua Uniwersitetiniň (Hytaý, Pekin) sertifikatyny alan hünärmenler çekiler.