AZAT ANNAÝEWIŇ AKWAREL HEKAÝATLARY: SUNGAT TARYHÇYNYŇ ÇÖZI BILEN

photo

Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň galereýasyndaky sergi sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Azat Annaýewiň döredijiligi bilen tanyşdyrdy. Akwarel usulynda çekilen manzarlar we natýurmortlar bu ýere gelenleri ýumşak reňk çalşygy bilen haýrana goýdy.

-Azat hemmämizi, ozaly bilenem, meni akwarel suratlarynyň sergisi bilen geň galdyrdy – diýip Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow gürrüň berýär. – Şu güne çenli biz ony kärine ussat sungaty öwreniji hökmünde tanaýardyk, indi görüp otursak, ol zehinli we hemişe gözlegde bolýan nakgaşam eken.

Annaýewiň sergisine onuň halypalary, dostlary we okuwçylary uly gyzyklanma bildirdiler. Olaryň biri Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde işleýän Azadyň ilkinji mugallymy Lýudmila Pawlowna Ulakinady.

-Okuwçysynyň her bir üstünligi – halypanyň ussatlgynyň täze derejesidir. Şägirtleriň üstünligi seni belende göterýär, şolaryň birem Azat Annaýew – diýip Lýudmila Pawlowna gürrüň berýär. – Ol bilesigeliji, paýhasly we çuňňur pikirlenip bilýän oglanjykdy. Bir gezek men oňa: «Senden alym hem mugallym çykar» -diýipdim, görseňiz, ýalňyşman ekenim.

Dostlary oňa ýöne ýerden durşy bilen eksiklopediýa diýmeýärler. Azat Aşgabadyň çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebini tamamlap, bu ýerde 23 ýyllap sapak berdi. Şol döwürde Kiýewiň çeperçilik institutynyň sungaty öwreniş fakultetini, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlady. Indi «Rodoguna» şekillendiriş sungaty okuw-bilim merkezinde we Türkmen döwlet medeniýet institutynuň sungat taryhy kafedrasynda sapak berýär.

Halypa mahsus pikirlenme Azat Hudaýberdiýewiçiň sergide goýlan işlerinde-de göze ilýär. Onuň döreden manzarlary we natýurmortlary, hamala, ol akwarel usulynda surat çekmekden sapak berýän ýaly şeýle nepis hem takyk çekilipdir.

Akwarelde žiwopisiň (kompozision we reňk çözgütleri göz öňünde tutulýar) hem-de grafikanyň (şekil döredilende kagyzyň ýagdaýy göz öňünde tutulýar, çotga yzynyň relýefligi bolmaýar) sypatlary utgaşýar. Akwarelçi nakgaş açyk reňkler bilen işlände kagyzyň ýa-da reňk salynýan beýleki materialyň tonuny hem-de fakturasyny, onuň reňk berijilik häsiýetini göz öňünde tutýar. Bularyň ählisi tilsimiň takyklygyny we ussatlygy talap edýär.

Açyk reňk çalşyklarynyň ençemesiniň sazlaşygy suratda onuň çuňlugyny we gatbar-gatbar ýordumlylgyny açyp görkezýär.

Aat Hudaýberdiýewiç öz üýtgeşik natýurmortlarynda adaty gök-miweleri şekillendirýär. Nakgaş olary çekende suratyň guran ýerlerine ýalpyldawuk reňk çalýar. Onuň işlerinde sahawatly tebigat miweleriniň bolçulgyna gabat gelmersiň. Oňa iki-üç miwe ýa-da gök ekin ýetik. Şunda hem halypa tilsimi duýulýar: surat awtorlyk tilsiminiň estetizmini, çotga erk ediş we reňk saýlaýyş ussatlygyny görkezmeli.

Nakgaşyň suratlaryna bakyp, onuň häsiýetini we endiklerini bilip bolýar diýýärler. Azat Hudaýberdiýewiçiň işleri bilen tanşanymdan soň ol syýahat etmegi halaýar, Hazaryň manzarlaryndan we günbatar Köpetdagyň gözel ýerlerinden täsirlenýär diýip çak etdim...

Garagum çöli Azat Annaýewiň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Özi-de, deňizlere we daglara bagyşlanan işleri, adatça, gysby bolsa, çöl manzarlary taryhy ýadygärliklere bagyşlanmalara fon bolup gulluk edýär. Gynyndaky gylyç şekili hem şeýle işleriň biri. Arheologlar şeýle ýadygärliklere latyn elipbisiniň «F» harpyna meňzedip fertler diýýälrer. Ol belli esgeriň mazar ýadygärligidir. Beýleki bir suratynda süýnmek dörtburç arkada gadymy gylyç çekilipdir. Ol hem edermenligi bilen şöhrat gazanan esgere ýadygärlik.

Özüni sungat taryhçysymy ýa-da žiwopisçi sene ýazary hasaplaýar diýen sowalymyza jogap berip, Azat şeýle diýdi:

-Sungat bilen taryh bir-biri bilen baglanşyklydyr. Taryhy eýýamlaryň özgermegi netijesinde estetiki düşünjeler we ýörelgeler baýlaşýar. Täzeçillikler medeni ösüşiň täze nusgalaryny kemala getirýär, ol hem işjeň döredijilik gözleglerine, usullaryň we žanrlaryň sintezine itergi berýär. Olar dürli synanşyklara we gözleglere ruhlandyrýan üýtgeşik ýagdaýlardyr, nakgaşam, taryhçam olara düşünmelidir.