TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy we Size bolan dostluk hem-de çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

 

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, gülläp ösüş dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy we Size bolan dostlugym hem-de çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Siziň doganyňyz,

Muhammed bin Raşid Al Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri,
Dubaý Emirliginiň häkimi.

 

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek mende kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, dostlukly türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, gülläp ösüş dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy we Size bolan dostluk hem-de çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan,
Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.