img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan döwründe döwrebap sanly ulgamlary giň gerim bilen ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de şu strategiýany amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.