img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisini gurmak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we elektrik geçirijisini 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga tabşyrmak bellenildi.