img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Döwlet muzeýiniň sergisi: haly sungatynyň şahyranalygy

photo

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen halyçylyk däpleriniň ÝuNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň reprezentatiw mirasyna goşulmagyna bagyşlanan sergi açyldy.

Tematiki sergi milli amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biriniň taryhyny, türkmen haly dokamak senediniň çeperçilik usullarynyň ösüşini yzarlamaga, özboluşly üýtgeşik halylaryň şahyranalygyny duýmaga mümkinçilik berýär.

Etnografik eksponatlar, ýönekeý iş gurallary, ýüň we ýüpek ýüplükler, şeýle hem çeper elli türkmen zenanlarynyň elinden çykan ýokary çeperçilikli ýordumly halylar, sowgatlyklardyr esbaplar, dizaýny we görnüşi babatda gadymy hem-de döwrebap, adaty we täzeçil çemeleşilen dürli halylar - halyçylygyň taryhynyň şanly sahypalaryny göz öňüne getirmäge, milli medeniýetiň özboluşlylygynda bu üýtgeşik senediň ähmiýetine düşünmäge mümkinçilik berýär.