TÜRKMENISTAN-RUSSIÝA: YNSANPERWER HYZMATDAŞLYK

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Federal agentligiň («ROSSOTRUDNIÇESTWO» ynsanperwer we bilim taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde resminamalar toplumy kabul edildi, olaryň hatarynda GDA gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Innowasiýa hyzmatdaşlygynyň döwletara maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakynda Çözgüt hem bar.

Şu gezekki duşuşykda bu resminama aýratyn üns berildi, onda agentligiň ýolbaşçysy Eleonora Mitrofanowa we beýleki hünärmenler birnäçe taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyrdylar. Olaryň hatarynda GDA-da innowasiýa hyzmatdaşlygy, halkara ýaşlar hereketini ösdürmek boýunça çäreler, medeni hyzmatdaşlyk, taryhy hakydany gorap saklamak, jemgyýetçilik diplomatiýasy we beýleki birnäçe ugurlar bar.

Duşuşyga bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.

Milli liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ylmy kuwwaty ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň bähbidine gönükdirilendir. Iri guramalar, bu ulgamda iş alyp barýan daşary ýurt merkezleri bilen hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki taslamalar esasynda pugtalandyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda görkezilen taslamalarda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna möhüm orun berilýär. «Rossotrudniçestwonyň» wekilleri RF-iň bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan usullar Türkmenistanyň bilim düzümlerine hem uýgunlaşdyrylyp hem-de netijeli peýdalanylyp bilner diýip bellediler.

Bular goşmaça bilim boýunça bilelikdäki maksatnamalary, bilelikdäki kafedralary, fakultetleri, şahamçalary hem-de okuw-usulyýet maksatnamalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek üçin işgärleri taýýarlamak ýaly çäreleri öz içine alýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksatlary halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin giň gözýetimli ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipelere laýyklykda aspiranturalarda we doktoranturalarda iň täze ylmy hem-de tehnologiýa gazanylanlary özleşdirmäge ukyply hünärmenler ýetişdirilýär.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag toplumlarynyň binýadynda ýaş ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyna, ýaş alymlaryň dürli ugurlar boýunça iri barlag taslamalaryna çekilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle ylmy-barlaglaryň hatarynda diňe bir düýpli işläp taýýarlamalar däl-de, häzirki döwrüň has möhüm ugurlary: nanoserişdeler, himiýa, biologiýa we maglumat tehnologiýalary, mehatronika we robototehnika, innowatika we köp sanly beýleki ugurlarda iş ýüzünde geçirilýän barlaglar hem bar.

Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar hem-de hünärmenler üçin öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmak, olaryň gözýetimini giňeltmek, hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasiýa tehnologiýalaryny özleşdirmek maksady bilen daşary ýurtly bilermenleri çekmek arkaly okuw maslahatlary geçirilýär.

Şu gezekki duşuşygyň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleri bilen innowasiýa ykdysadyýeti hem-de ynsanperwer ylymlar ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny bellediler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Bilermenler Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmegi üstünlikli amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellediler. Biz köp okaýan millet hökmünde tehnologiýa täzeçillikleriniň hut merkezinde ýerleşýäris hem-de diňe bir bu ugurda dünýä meýillerine eýermek bilen çäklenmän, olary seljermäge hem-de özümiz üçin iň gowy nusgany saýlap almaga ukyplydyrys.

Saparyň çäklerinde «Rossotrudniçestwonyň» wekilleri ýurdumyzyň dürli ministrliklerine hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna baryp gördüler, duşuşyklarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem myhmanlar A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebe baryp gördüler, bu mekdebe täze okuw kitaplary we usulyýet gollanmalary gowşuryldy.