Aşgabatda onlaýn - köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin seminar başlandy
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝeHHB-niň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistler üçin onlaýn-köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işlemek başarnygyny öwredýän üç günlük okuwlar başlandy.
Seminar «Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklara jogapkär döwlet edaralarynyň žurnalistleriniň we hünärmenleriniň hünär başarnygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek» taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa ýurduň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda internet-neşirleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň habarçylary gatnaşýarlar.
Bilermen Oksana Silantýewa (Russiýa Federasiýasy) we Wadim Makarenko (Belarus Respublikasy) onlaýn-köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmegiň häzirki zaman ugurlaryna giňişleýin seljerme berdiler, maglumat toplamagyň täze usullaryny ulanmak bilen multimediýa kontentini döretmek barada gürrüň berdiler.
ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natlaýa Drozdyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe bir maglumatlary çalt ýetirmekde däl, eýsem maglumatlary işlemekde-de adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden çalt işleýärler. Şonuň üçinem olaryň okyjylary barha artýar.
Okuw-türgenleşigi 12-nji iýula çenli dowam eder.