RESMI HABAR

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi hem-de şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.