Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda onuň ýolbaşçylyk edýän «Bharatiýa janata parti» (BJP) partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli mähirli gutlagyny ýollady. 

Milli Liderimiz gutlagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin geljekde hem berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we dostlukly hindi halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.