Türkmenistanyň wekilýeti ITF Ministrler sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy
Hatarynda senagat we kommunikasiýa ministri Tahyrberdi Durhanow, şeýle hem Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň wekilleri bolan ýurdumyzyň wekilýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) Ministrler sammitine gatnaşýar.
Her ýyl geçirilýän Sammite ITF-e agza ýurtlaryň ulag ministrleri, abraýly halkara guramalarynyň, Ýewropa telekeçilik toparlarynyň, ugurdaş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we bilermenler gatnaşýarlar. “Sebit goşulyşasy üçin uylaglaryň mümkinçiligi” temadan geçirilen şu duşuşyga 72 ýurtdan delegatlar gatnaşýarlar. Döwletleriň 47-sine ministrler we minstrleriň orunbasarlary wekilçilik edýärler. Türkmenistan foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Sammitiň dowamynda türkmen wekilýetiniň agzalaryny Halkara ulag forumynyň baş sekretary Ýung Te Kim kabul etdi. Duşuşykda jenap Kim ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.
Ýung Te Kim şeýle hem Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezi derejesini berkitmäge niýetlenen iri maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem türkmen wekilýetiniň Ýewropanyň iri ulag kompaniýalrynyň esasy menejerleri bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bellenildi.
Halkara ulag forumy ýurtlaryň 59-syny birleşdirýän hökümetara guramadyr. Forumyň edarasy Parižde ýerleşýär. Ol ulag syýasatynyň meseleleri boýunça seljerme merkezi hökmünde hereket edýär we her ýyl ulag ministrleriniň sammitini geçirýär.
Ählumumy derejede ulag syýasatyny kemala getirmek we utgaşdyrmak hem-de ykdysady ösüşe, daşky gurşawy goramaga, adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmek -- ITF-iň maksatlarydyr.