img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 


Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn. 

Biz ähtiýalan duşmana garşy söweşlerde wepat bolanlaryň hakydalarynyň öňünde baş egýäris. Dünýäni faşizmden halas eden Beýik Watançylyk urşunyň ähli weteranlaryna söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri hem-de gahrymançylyklary üçin çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we dostlukly türkmen halkyna arassa asman, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk hakyndaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin. Şeýle hem Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny aýratyn gutlaýaryn. 

Igor Dodon, 
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.