img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 26-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanda Palestina Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş we howpsuzlyk ugrunda çykyş edýändigini, bu düşünjeleriň çagalaryň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Ol çagalara, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, durmuş hyzmatlaryny bermek bilen bagly işleri alyp barýar.

Diplomat gaznanyň alyp barýan işiniň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi hem-de Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

O.Atabaýewa gaznanyň halkara derejedäki ynsanperwer işlere hem aýratyn üns berýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Duşuşyklar tamamlanandan soňra, gaznanyň ştab-kwartirasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek, onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumyny, 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak barada Şertnama gol çekmek dabarasy boldy.