Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisiniň ÝUNESKO-nyň baş edarasyndaky duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Ilçi M.Çaryýew bilen ÝUNESKO-nyň Afrika ugry we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktorynyň orunbasary Entoni Ohemeng-Boamanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda şu ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet ministrleriniň Halkara maslahatynyň esasy meseleleri hem-de Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bilen bagly Türkmenistanyň beýleki başlangyçlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu başlangyçlaryň 2023-nji ýylyň noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli kararnamasyna laýyklykda ÝUNESKO tarapyndan doly goldanylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda ÝUNESKO-nyň baş binasynda bu senä bagyşlanan gala-konsert we sergi ýaly medeni çäreleriň geçiriljekdigi yglan edildi.

Duşuşykda taraplar agzalan çäreleriň üstünlikli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.