Türkmen wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisine gatnaşýar
2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Şol sanda bu mejlisiň işine Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, Ilçi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy J. Gurbanmyradowa we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti
J. Rematullaýewa gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň medeniýet ulgamyndaky möhüm Konwensiýalarynyň biri bolan Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Hökümetara Komitetiniň 2034-2025-nji ýyllarda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, 2025-nji ýylda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreler baradaky Konwensiýasynyň agza-döwletleri tarapyndan öňe sürlen tekliplere seredildi.
Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi şu ýylyň 1-nji martyna çenli dowam edip, onuň çäklerinde Konwensiýanyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, raýat jemgyýetiniň we hökümete degişli däl guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär.
2021-nji ýylyň iýul aýynda ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek baradaky Konwensiýasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanyldy.
2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Şol sanda bu mejlisiň işine Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, Ilçi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy J.Gurbanmyradowa we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti J. Rematullaýewa gatnaşýar.