TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu günki Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de olary mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy hem-de ösüşini yzygiderli dowam edip, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletlerimiziň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtap, berk parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamak boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň uly ähmiýeti nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň 2023-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem şu günler parlamentara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan sapary bu ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykardy.

Gepleşikleriň ahyrynda iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine taraplaryň türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.