TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ HORMAT NYŞANY BILEN SYLAGLANDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda “Kasri Millat” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Arkadag dostlukly ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu ýokary sylagy gowşurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda hyzmatdaşlygymyzyň ösmegini we berkidilmegini göz öňünde tutýan ýurtlarymyzyň baý tebigy serişdeleri, senagat we tehnologiýa kuwwatynyň bardygyny belledi. Olaryň birleşdirilmegi, ýokary düşewüntli önümçilikleriň döredilmegi, senagat taýdan kooperirleşmek möhüm mesele bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň dünýä medeniýetiniň çatrygydygyny belledi.

Arkadagymyz, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara guramalarynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar munuň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary halkara derejeli dabaralara çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri berlen ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.