TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýandygy bellenildi. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişliginde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde öz hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.