TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag we logistika pudagy boýunça sebit mümkinçiliklerini has-da ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumda çykyş edip, ulag pudagynyň ösüşiň esasy görkezijileriň biri bolup durýandygyny aýtdy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişinden we mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýändigi bellendi.

Forumda çykyş eden gatnaşyjylar sebitdäki ýurtlaryň biri-biri bilen baglanyşyklydygy barada umumy pikiri aýtdylar we häzirki döwrüň  aýratynlyklaryna we talaplaryna jogap edip, munuň üçin bar bolan uly mümkinçilikleri ulanyp, bu ugurdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmalydygyny nygtadylar.

Ulaglaryň özara baglanyşygyny berkitmek üçin platforma bolmak üçin döredilen köptaraplaýyn duşuşygyň netijesinde Bilelikdäki Beýanat kabul edildi we “Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek barada” Ylalaşyk taslamasy tassyklandy.