TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.