TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý gepleşikleri geçirdiler, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.

Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda taraplaryň türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmeklige gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirendikleri hem-de bilim, ylym, ekologiýa we tebigaty goramak pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barandyklary barada aýdyldy.

Taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalary barada belläp geçdiler.

2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda Ynam gaznasyny döretmek hakynda 2015-nji ýyldaky Çarçuwaly ylalaşygyň ähmiýeti barada nygtaldy. Çarçuwaly ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny düzmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny mälim etmek bilen, taraplar ylmy we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy gurallarydygyny belläp geçdiler.