TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.

Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar mundan beýläk hem köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary muňa mysal bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti döwlet Baştutanymyza iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygyny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory bolup durýandygyny we giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, hemişe ylmy-barlag işlerine uly üns berendigini we berýändigini hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşýandygyny buýsanç bilen belledi.