TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWRAZIÝA ATLY SPORT ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Söwda-ykdysady, energetika we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atşynaslyk we atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda atçylygy we atly sporty ösdürmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamyň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýandygy bellenildi.