Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy.

Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä mähirli salamyny aýtdy.

Myhman Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Arkadagymyz bu çözgüdi ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde we atçylyk sporty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işlere berilýän ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatynda biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynam bildirildi.