TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PRIMORSKIÝ KRAÝ SEBITINE YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

img
img
img
img
img
img

Oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna, türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine we ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurduň Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny bilen bilelikde degişli harytlary we azyk önümlerini taýýarlamak we Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwer kömek hökmünde ibermek tabşyryldy.

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda çaga eşiklerinden we aýakgaplaryndan, düşekçelereden we dürli azyk önümlerinden ybarat bolan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna ynsanperwer ýükleri iberildi.

Ejir çeken Russiýanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermeklige ýurdumyzda uly jogapkärçilik bilen çemeleşildi. Bu ynsanperwerlik çäresi, türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanýan, döwletlerimiziň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryň beýanydyr.