TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi.

Bu örän uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyrda meýilleşdirilýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy. 16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edaralaryna we guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurduň ilkinji “akylly” şäheriniň açylyş dabarasyna “Akhan” ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy, oňa ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Soňra, Arkadag şäheriniň Baş meýdançasynda - Baýdak meýdanynda Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýäniň palatalar we biržalar bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu taryhy waka mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen iki sany täze “TOGG” elektrik ulaglarynyň açarlaryny gowşurdylar.

Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri hem-de Türkiýäniň palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygyň dowamynda soňky ýyllaryň içinde döwletara gepleşikleriň dostlukly, strategiki häsiýeti bilen duşuşygynda täze derejä ýetendigi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda berilýän goldaw üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, myhmanlar türk işewürleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli gutlaglaryny aýtdylar.

Dabaralaryň dowamynda “Arkadag” Binasynyň açylyşy boldy.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy meýdançadaky münberiň öňünde döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem dabaraly ýöriş bilen dowam etdi.

Täze şäheriň binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, çagalar baglaryny hem-de umumybilim berýän orta mekdepleri, lukmançylyk edaralaryny, sport toplumlaryny görkezmek bolar.

Täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. 

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda döredilen ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny nygtamak gerek.

Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy. «Arkadag» teleýaýlymy, «Arkadag» gazeti döredildi.

“Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda edara we durmuş maksatly desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň binalary guruldy.

Arkadag şäherinde halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi bar. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da, “Intelligent Transportation System” (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanylýar. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” köçeleriň ornaşdyrylmagy “ITS” ulgamynyň esasy wezipesidir.

Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli, medeniýetli hyzmaty üpjün eder. “Duralga” we “Ynamly taksi” ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredildi. Ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin terminallar göz öňünde tutulypdyr. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär. 

Arkadag şäherinde ýerleşen “akylly” awtoduralgalaryň we elektroulaglar üçin güýç beriji stansiýalaryň işine ýörite abzallaryň hem-de döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi arkaly gözegçilik edilýär we kadalaşdyrylýar.

“Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze “123” gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda, gaz we ýangyn howpsuzlygy, “Tiz kömek” gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir.

Soňra döwlet Baştutany “akylly” öý ulgamyna degişli jaýa baryp gördi hem-de ähli hojalyk enjamlaryny we durmuş tehnikasyny bitewi topluma birleşdirip, olaryň işlemegine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän we howpsuzlygy, tygşytlylygy üpjün edýän, şeýle hem gündelik wezipeleri çözmäge, hereketleri ýerine ýetirmäge awtomatik usulda ýardam edýän ulgam bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti soňra çagalaryň saglygyny dikeltmek we berkitmek, terbiýe we bilim bermek hem-de olaryň dynç almaklary üçin ähli zerur şertleri üpjün edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bilen tanyşdyryldy.

Merkez özünde edara binasyny, 150 we 100 orunlyk iki sany çagalar bagyny, sagaldyş-dikeldiş bölümini jemleýän toplum bolup, onuň umumy meýdany 16,3 gektara barabardyr.

Merkeziň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek. 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna uly we netijeli işleri amala aşyrýar. Ene-atasyndan jyda düşen, aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky alada bu işleriň baş maksadydyr.

Bu merkez täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şol düzüm ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi, ýöriteleşdirilen ulag serişdeleriniň dürli görnüşlerine eýe bolan uly Awtomobil kompaniýasy bar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyna degişli bolup, onuň binasy esasy we ýanaşyk jaýlardan ybaratdyr.

Şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi, köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Olaryň ählisi halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol üstündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka we beýlekiler, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem fitnes, trenažýor, maslahatlar zallary, beýleki otaglar göz öňünde tutuldy.

Soňra Ruhyet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimleri, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler dabaraly çärä gatnaşdylar.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täsin şähere berlen 20-den gowrak güwänama we diplomlar gowşuryldy.

Ilki bilen, YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirki zaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurýar.

Soňra TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “XXI asyryň şäheri” atly ýörite şahadatnamasyny gowşurdy.

“Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri” atly şahadatnamany Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gowşurýar.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow “Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy” assosiasiýasynyň şäher gurluşynda “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin diplomy gowşurdy.

Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji Arkadag şäheri taslamasynyň türki dünýäde şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp hasaplanandygy baradaky şahadatnamany gowşurdy.

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly “akylly” şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk güwänamasyny gowşurdy.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Arkadag şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary we düzüm birlikleri tarapyndan berlen iki güwänamany gowşurdy. Olar BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany hem-de minnetdarlyk hökmünde Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň inklýuziw, howpsuz, ýaşaýyş taýdan durnukly, akylly we durnukly şäheriň döredilmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň, şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak babatda BMG-niň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasydyr.

ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Çžan ýolbaşçylyk edýän institutynyň adyndan Arkadag şäherinde Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetine we durnukly ösüşine goşant goşjak täze sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Gutlag hatyny gowşurdy. Şunuň bilen birlikde, Tao Çžan Arap Ligasynyň Bilim medeniýet we ylym meseleleri boýunça guramasynyň, şeýle hem “Bilim Arkalaşygy” hökümetara guramasynyň ýolbaşçylarynyň Gutlag hatlaryny hem gowşurdy.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Merkezi Aziýa boýunça ösüş maksatnamasynyň hünärmeni Oýunçimeg Amartuwşin Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň “Ýaşyl” we “akylly” şäher şahadatnamasyny gowşurdy.

BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň bilermeni Fundaro Salwatore Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň iň gowy şäher geljegi üçin, Durnukly ösüş maksatlarynyň we Türkmenistanda şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen, inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany we minnetdarlyk hökmünde Minnetdarlyk hatyny gowşurdy.

Arhitektorlar bileleşiginiň halkara assosiasiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň agzasy Bahrom Ýusupow Arkadag şäheriniň innowasion binagärçiligi hakynda diplomyny, Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýan seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem-de seýsmik howpsuzlyk üpjünçiligi boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmy-gözleg işleriniň hili baradaky şahadatnamany gowşurdy.

Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalygy ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyrylyş institutynyň baş direktorynyň orunbasary Ramzit Maskulow garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

ABŞ-nyň “FIT International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň “Arkadag şäheriniň güni” diýlip yglan edilendigi baradaky El Kahon şäheriniň häkimliginiň Kaliforniýa Proklamasiýasyny we Linkoln uniwersitetiniň (ABŞ) Proklamasiýasyny gowşurdy.

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ginnesiň rekordlar kitabynyň “539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy” atly şahadatnamasyny gowşurdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “KTQ International GmbH” kompaniýasynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň dolandyryjysy Jozef Stanislaus Galert Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna aýdyňlyk we hil boýunça hyzmatdaşlyk hakynda şahadatnamany gowşurdy.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna “Philips” enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy” atly güwänama berildi. Resminamany ýokarda agzalan kompaniýanyň halkara eksport bölüminiň dolandyryjysy Paskal Peter Lambertus Munsters gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Märkaw” myhmanhanasynda Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdy.

Şol gün Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşyk bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň merkezi seýilgähinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdi.