TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA DÜZÜMDÄKI DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 18-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetleriň ýolbaşçylary ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy, daşky gurşawy goramak, suwdan peýdalanmak we howanyň üýtgemegi, şeýle hem bilim, ylym we innowasiýa ýaly sebitara we global meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda häzirki duşuşygyň "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" düzümdäki ilkinji sammitden birnäçe hepde soň geçirilýändigini we sammitiň ahyrynda kabul edilen Bilelikdäki beýannamanyň şu günki çekişmeler üçin esas bolup hyzmat edýändigini, we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça mundan beýläkki pikir alyşmalar üçin başlangyç nokat bolmalydygyny aýtdy. 

W. Hajiýew bu möhüm resminamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda görkezilen ýörelgeleri, hususan-da halkara dawalaryny parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerini güýçlendirmek zerurlygyna aýratyn üns berendigini aýtdy.