TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli garşylady.

Döwlet Baştutanlary dostlukly salamlaşyp,Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşmak üçin köşge bardylar.

Soňra uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna we şu gezekki gepleşiklere döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimizi iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, asylly we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu saparynyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine ilkinji saparydygyny belläp, şu duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, bu gatnaşyklary iki tarapyň hem mümkinçiligine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmak barada pikir alşyljakdygyny nygtady.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilýär.