TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE BIRNÄÇE NETIJELI DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 12-14-nji sentýabry aralygynda BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhammet Juma Al Şamisi, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Saif Al Suwaidi, “Masdar” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi hem-de BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Iki ýurduň taraplaryň bähbitlerine gabat gelýän yzygiderli we ynanyşykly dialogy saklamaga pugta gönükdirilendigi tassyklanyldy.

Degişli maglumatlaryň taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtap, taraplar 2022-nji ýylda Abu-Dabide meýilleşdirilýän Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.