TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU ÝORK ŞÄHERINDE «C5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we wekilleri duşuşyk geçirdiler we onda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de “C5+1” diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň dowam edip gelýändigini hem-de BMG-nyň düzgünnamasyny goldamaga ygrarlydyklaryny bellediler.
Diplomatlar 2015-nji ýylda döredilen gününden bäri “C5+1” formatyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Umumy maksatlara ýetmek hem-de özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen “C5+1” sekretariatynyň döredilendigini barada yglan edildi. Şeýle hem, sebitdäki ykdysady howpsuzlygy we arabaglanyşygy güýçlendirmek, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we adam hukuklaryna ygrarlylygy güýçlendirmek baradaky başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.