TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI “AŞGABAT” ATLY NEŞIR ÇAP EDILDI

Şu ýyl Türkmenistan hemişelik bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem dürli çäreler, forumlar, sergiler, konsertler gurnalýar. Bu çäreleriň hataryny ýurdumyzda çap edilen ýörite şekillendirilen neşirler doldurdy. Olaryň biri hem “Aşgabat” atly kitapdyr. 

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. 

Bu kitap “Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez”, “Aşgabat Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda”, “Paýtagtymyzyň ajaýyp binalary” we “Seýilgähler şäheri” ýaly dört bölümden ybarat. Kitap Aşgabat şäherinde bina edilen köpsanly desgalaryň halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolýandygy, türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi we onuň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygy barada şöhlelendirýär. 

 

Berkakar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekligiň döwlet syýasatymyzyň has möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyndan ugur almak bilen, kitapda şäheriň köpsanly owadan seýilgähleri görkezilen. Şeýle-de, ekolog-alymlaryň kesgitlemegine görä, Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň häzirki wagtda Ýer ýüzüniň iň gür bagly şäherleriniň birine öwrülýändigi barada bellenilýär.