«Uzynada» nebitgazly ýatagyny özleşdirmekde innowasion çözgütler ulanylýar

«Türkmennebit» Döwlet konserni 9000 metre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek üçin enjamlary satyn almaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Pudagyň hünärmenleri ilkinji gezek Hazaryň kenarynda, nebitgazly Barsagelmez ýatagyndan takmynan 35 kilometr günortada ýerleşýän Uzyanda ýatagynda has çuň guýyny burawlamagy göz öňünde tutýarlar. Çaklamalara görä, gyzyl reňkli çökündili dag magdanly gatlaklarda nebitiň iri ýatagy jemlenen.

Bu ýatakda baryp 1972-nji ýylda 4213 metr çuňlukda ilkinji geologiýa-gözleg guýysy burawlanypdy, ýöne önümli gatlak ýüze çykarylmandy – diýip «Türkmennebit» Döwlet konserniniň innowasion tehnologiýalar bölüminiň ýolbaşçysy Remezan Urumow gürrüň berýär. – Türkmen nebitçileri geçen ýyl 1-nji barlag guýysyny täzeden burawlamaga girişdiler. 2020-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda 6746-6752 metr çuňlukda bir gije-gündiziň dowamynda 106 müň kub metr gaz we 143 tonna kondensat alyndy.

Şol wagta çenli Uzynada ýatagynyň çäklerinde ZJ-70 DB burawlaýjy enjamalr bilen sebitde iň çuň (7000-7150 metr) 7 we 17-nji gözleg guýylary burawlandy. Bu guýylary özleşdirmek boýunça işler geçirilende 6,6-6,7 müň metr çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlagyň aşaky böleginden gazyň we kondensatyň senagat akymy alyndy.

Uzynada ýatagynda Döwlet konserniniň hünärmenleri buraw işlerini çaltlandyrmak, guýynyň sütüniniň gurluşyny kämilleşdirmek we has uly çuňluklardan uglewodorod çig malyny almak babatda uly tejribe topladylar. Şunda sanly tehnologiýalar we ýokary öndürijilikli enjamlar ulanyldy. Hususan-da, merkezi edara jaýyndan buraw işlerine uzakdan gözegçilik edilip, degerli maslahatlar berildi.

Nebitçiler gözleg guýylaryny burawlamak üçin «Schlumberger» korporasiýasynyň has uly çuňluklarda guýy gazylýan hyrly hereketlendirijilerini we almaz isgenelerini ulandylar. «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleriniň teklip eden alýuminat kalsisiniň ingibirlenen himiki ergini (ALKAR) buraw işleriniň howpsuzlygyny we erginiň ýokary hilli bolmagyny üpjün etdi.

Guýynyň sütüni berkidilende hem alymlaryň teklip eden ýokary hilli himiki reagentleri ulanyldy. Innowasion enjamlar buraw işleriniň möhletini we özüne düşýän gymmatyny ep-esli arzanlatmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda «Türkmennebit» Döwlet konserniniň we «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Uzynada ýatagynda nebitgazly ýeleri has çuňňur öwrenmek üçin gözleg guýylarynyň birnäçesini burawlaýarlar. Hünärmenelriň pikirine görä, munuň özi uglewodorod çig malynyň ýerasty käniniň gurluşyny we möçberini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.